Gulp - seýfiň esasy bölegidir
19.09.2022
57
3. Gulp ¬– seýfiň esasy bölegidir.
Seýfiň görnüşleriniň arasyndaky esasy tapawutlaryň biri gulpyň görnüşidir. Bu örän wajyp faktor bolup, onuň saýlawyna aýratyn üns bermeli. Aşakda dürli gulply seýfleriň birnäçe görnüşine seredip geçeris.
• Açarly.
Açarly gulp ulanylanda ýönekeý we amatlydyr. Eger açar ýitirilse ýa-da ogurlansa kynçylyklar ýüze çykyp biler.
• Kodly mehaniki.
Bu mehanizm aýlanýan, 0-dan 99-a çenli şkalaly (limbli) tutawaçdan ybarat. Şuňa meňzeş mehanizmleriň işleýiş prinsipi ýönekeý we adatça örän ygtybarly. Ýöne siz kody özbaşdak düzüp bilmeýäňiz, üstesine-de kody ýatdan çykarmagyňyz hem mümkin.
• Kodly elektroniki
Kodly-elektroniki gurluşlaryň aýratynlygy bolup, olaryň kodyny çalyşmagyň ýönekeýligi hyzmat edýär. Elektron mehanizm kombinasiýalary synap görmekden goralan, birnäçe gezek ýalňyş saýlanan kombinasiýalardan soň gulp blokirlenýär. Şuňa meňzeş gulply gurluşlar elektrik üpjünçilik elementleri bilen enjamlaşdyrylýandygy sebäpli, olar zarýadsyzlanmaz ýaly gözegçilik astynda saklamaly.
• Biometriki.
Biometriki gulp – elektron gulpuň bir görnüşi bolup, ony açmak üçin dört ýa-da alty belgili sanly kod kombinasiýasyna derek barmagyň yzy ulanylýar.
• Kombinirlenen.
Seýfleriň käbir modelinde goşmaça howpsuzlyk üçin gulplaryň iki görnüşi birleşdirilýär.
Açarlaryň görkezilen görnüşleriniň hiç biri-de beýlekisinden gowy bolmagy hökman däl, sebäbi gulp bary-ýogy seýfiň komponentleriniň biridir, şonuň üçin eger seýfiň diwarlary berk däl ýa-da boltlar gowşak bolsa gowy gulpdan peýda ýok. Kodly gulp bilen sanly klawiaturanyň arasyndaky saýlaw indiwididual isleglere bagly.
hazynaseyf.com internet-magazini size gymmatlyklaryňyzy we resminamalaryňyzy saklamak üçin ýokary hilli gulply seýfleriň dürli görnüşlerini hödürleýär.