Seýf üçin ygtybarly kody nädip saýlamaly?
19.09.2022
86
Elektron gulply seýfi satyn alanyňyzda, size seýfi açmak üçin sanly kody girizmek gerek bolýar. Bu elektron seýfiň aýratynlyklarynyň biridir, sebäbi açardan tapawutlylykda sanlary ýitirip ýada ogurlap bolmaýar. Ýöne onuň ýetmezçiligi, kod belgisini unudyp ýa-da ýalňyşyp bolýanlygydyr, käbir ýagdaýlarda bolsa ogrular kody saýlap hem tapyp bilerler.
Bu kynçylyklardan daşda durmak üçin, dogry kody saýlamak gerek. Täze seýf zawoddaky goýulan kody bilen, we size kody öz islegiňize görä üýtgetmäge mümkinçilik berýän instruksiýasy bilen gowşurylýar. Bu örän wajyp faktor! Hiç haçanam seýfiň zawodda goýlan koduny galdyrmaň.
Seýfleriň köpüsinde dört belgili kodlar ulanylýar, şonuň üçinde saýlamakdan gaça durmaly sanlar utgaşygy hem edil smartfonlardaky ýalydyr. Sanlary klawiaturada ýerleşiş amatlylygyna görälikde, meselem paneliň burçdaky düwmeleri ýa-da giňden ýaýran kod 1234 saýlamak gerek däl. Mundan başga-da, kody gündelik ulanýan sanlaryňyzdan düzmek hem akylsyzlyk hasaplanylýar. Has giňden ýaýran ýalňyşlyklaryň biri-de, öz doglan günüňizi, ýatda saklamak aňsat we ogrular bilmez öýdüp kod hökmünde goýmakdyr. Biziň maglumatlar elýeterli döwrümizde, eýýäm beýle däl. Siziň doglan günüňizi, adresiňizi we beýleki maglumatlaryňyzy köplenç sosial torlardan tapyp bolýar. Öz telefonuňyzda ulanýan ýa-da bank kartyňyzda ulanýan PIN-kodyňyzy seýfiň kody hökmünde ulanmakdan gaça duruň, sebäbi eger ogrular bu maglumatlara eýe bolsalar, onda olar seýfiň içindäkileri-de alyp bilerler.
Şeýle-de, öz kodlaryňyzy ýazyp bellik etmek maslahat berilmeýär, sebäbi ol bellikler päliýaman adamlaryň eline düşüp biler. Kody ýatdan çykarmaga gorkmaň. Adatça, öndürijiler bu ähtimallygy göz öňünde tutýarlar we eger siz şol seýfiň eýesidigiňizi subut edip bilseňiz, seýfiň sazlamalaryny zawoddaky sazlamalaryna çenli dikeltmäge kömek edip bilerler.