Seýfler – maksady, görnüşleri, saýlanyşy
15.09.2022
70
1. Seýfler – maksady, görnüşleri, saýlanyşy
Seýf iňlis dilinden terjime edilende “safe” – gymmatlyklary saklamak üçin niýetlenen, howpsuz, berk metalliki şkafy aňladýar. Adamlaryň köpüsi üçin seýf edinmegiň esasy sebäpleri bolup, gymmatlyklary, resminamalary we maglumatlary ogurlykdan goramak ýa-da ýangyn, sil alma ýa-da beýleki garaşylmadyk betbagtçylyklar netijesinde ýok edilmeginden goramak hyzmat edýär.
Häzirki wagtda seýfleriň ulanylyş maksady, gorag derejesi, gulpynyň görnüşi, ölçegleri, gurnalyş görnüşi, hem-de bahasy boýunça tapawutlanýan köpdürli görnüşleri bar.
Funksional maksady, gurnalyş görnüşi, berkidiliş ususly boýunça seýfleriň aşakdaky görnüşleri tapawutlandyrylýar:
• Mebel;
• Ofis (arhiw, buhgalteriýa);
• Içinde gurnalýan;
• Ýarag saklanýan;
• Bank;
• Smart-seýfler;
• Depozit;
• Termostatly;
• Ekslýuziw (üýtgeşik);
• Gizlin seýfler.
Seýfi saýlanyňyzda, onuň ölçeglerine we içki planlaşdyrylyşyna üns beriň. Bu şonsuzam göz öňünde tutulýan zatdyr welin, seýfler köplenç diwarlarynyň galyňlygy sebäpli görünişi ýaly uly bolmaýar, ýa-da siziň saklamaly zatlaryňyzyň formasyna laýyk gelmänem bilýär.
Mundan başga-da, seýfiň gulpynyň görnüşine hem aýratyn ünsi çekmek gerek.
Gulplaryň görnüşleri o diýen bir köpem däl, ýöne şonda-da olaryň arasyndaky tapawut prinsipial häsiýete eýe.
• Açarly;
• Kodly mehaniki;
• Kodly elektron;
• Biometriki.
Gulplaryň hersiniň aýratynlygy we ýetmezçiligi bar, olar bolsa köplenç seýfiň bahasyna düýpli täsir edýär.
Onda seýfi nädip saýlamalyka?! Muňa belli bir umumy jogap berip bolmaýar, sebäbi her ýagdaýda indiwidual talaplar bildirilýär. Muňa garamazdan, ähliumumy maslahat ¬¬– seýfiň bahasy içinde saklanýan zadyň gymmatynyň üçden bir töweregi bolmaly.
Maksadyňyza görä has laýyk we amatly seýfleri biziň saýtymyzda saýlap bilersiňiz.