Seýfiň ölçeglerini nädip saýlamaly?
19.09.2022
51
2.Seýfiň ölçeglerini nädip saýlamaly?
Öý ýa-da ofis üçin seýf – bu uly söwdadyr. Ol size köp ýyllap hyzmat eder, şonuň üçin saýlanyňyzda örän ünsli çemeleşmelidir.
Seýfi satyn almazdan öň, siz nämäni goramak isleýändigiňizi oýlanmaly. Gymmatlyklary saklamak üçin niýetlenen seýfleriň goşmaça howpsuzlyk funksiýalary bolup, resminamalar üçin oda çydamly seýfler bilen deňeşdirilende bahasy hem gymmat durýar.
Seýfiň ölçegi we funksiýalary onuň içindäki saklanýan zatlara bagly. Maşgala gymmatlyklarynyň (şaý-sepleriniň) birnäçesini saklamak üçin köp ýer gerek bolmaýar, ýöne siz olar bilen bilelikde resminamalary hem saklamak isleseňiz, onda ýer köpräk gerek bolar.
Seýfiň sygymyny daşky ölçeglerine seredip kesgitlemek bolmaz, sebäbi olar diwarlarynyň we gapysynyň galyňlygy boýunça tapawutlanýarlar. Onuň sygymyna baha bermek üçin kub santimetrde görkezilýän içki ölçeginden ugur alyň. Daşky ölçegleri seýfi nirde ýerleşdirjekdigiňiz baradaky meseläni çözmäge ýardam berer.
https://hazynaseyf.com/ saýtynda siz öz gymmatlyklaryňyzy saklamak üçin gerek göwrümli we gabaraly seýfi saýlap bilersiňiz.